Gazagystan Türkmenistanda Galla terminаlyny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan Türkmenistanda Galla terminаlyny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi
Roman Sklýar Gazagystanyň ýurdumyzyň çäginde Galla terminаlyny gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanmasyny bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabada sapar bilen gelen Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşdy. Onuň barşynda Roman Sklýar Gazagystanyň ýurdumyzyň çäginde Galla terminаlyny gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanmasyny bildirdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdylar. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika senagat we oba hojalyk ulgamlary esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Duşuşykda netijeli gepleşikler geçirildi we türkmen gazyny Gazagystana ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dilomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ýola goýuldy.

2022