Türkmenistan bilen Özbegistan gümrük maglumatlaryny alyşmak hakynda teswirnamanyň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Özbegistan gümrük maglumatlaryny alyşmak hakynda teswirnamanyň üstünde işleýär
Taraplar taslama boýunça öz teklipleri we bellikleri barada pikir alyşyp, resminamany ylalaşmak babatda iki tarapyň ýerine ýetirmeli wezipelerini maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistanyň Döwlet gümrük komitetiniň hünärmenleri anna güni sanly ulgam arkaly maslahat geçirdiler.

Iki ýurduň hünärmenleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistanyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen gepleşik geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar taslama boýunça öz teklipleri we bellikleri barada pikir alyşyp, resminamany ylalaşmak babatda iki tarapyň ýerine ýetirmeli wezipelerini maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda, hünärmenler gümrük işi babatynda türkmen-özbek gatnaşyklaryň soňky döwürde giňeýändigini kanagatlanma bilen belläp, bu hyzmatdaşlyga mundan beýläk hem tagallalary etjekdikleri barada ynam bildirdiler.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 254 million 500 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022