Gyrgyzystanyň we BAE-niň telekeçileri türkmen nah ýüplügini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystanyň we BAE-niň telekeçileri türkmen nah ýüplügini satyn aldylar
Daşary ýurtly telekeçiler 663,5 müň ABŞ dollarlyk we 1,5 million manatlyk Türkmenistanda öndürilen nah ýüplügini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe we sişenbe güni geçiren söwdalarynda nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşikleriň 5-si baglaşyldy.

Duşenbe güni geçirilen söwdalarda BAE-niň we Gyrgyzystanyň işewürleri Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen nah ýüplükleriniň dürli görnüşlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 471,5 müň ABŞ dollaryna we 1,5 million manada deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Sişenbe güni Gyrgyzystanyň işewüri 80 müň tonna nah ýüplügini 192 müň ABŞ dollaryna (1 kilogramy üçin 2,4 ABŞ dollara) satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 13 million 576 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

2022