Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky ilçihanasy çarşenbe güni Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Aşgabat. Taryhyň bir döwri” atly çap eden surat kitabynyň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan metbugat ýygnagyny geçirdi.
“Bu kitap 2021-nji ýylda bellenilen şäheriň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabadyň ýaşaýjylaryna ÝB-niň wekilhanasy tarapyndan edilen sowgatdyr. ÝB-niň wekilhanasy türkmen medeniýetini gorap saklamak we şekillendirmek boýunça ýurduň alyp barýan işlerini goldamak üçin tagallalaryny giňeltmek isleýär” diýip, ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso aýtdy.
Bu surat kitabynyň çap edilmeginiň esasy maksady şäheriň gymmatlyklaryny we taryhyny görkezmekden ybarat boldy.
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar
ÝB-niň ilçisiniň belleýşi ýaly, geljek ýyl Türkmenistan bilen ÝB 1993-nji ýylda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyny bellär.
Bu şanly sene mynasybetli ÝB “Türkmenistan: Durmuşyň aýnasy” atly fotosurat bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň çäklerinde türkmen medeniýetini, taryhyny, sungatyny, gündelik durmuşyny we däp-dessurlaryny şekillendirýän fotosuratlar bolup, olary ugratmagyň soňky möhleti 2023-nji ýylyň 31-nji ýanwar aýydyr.
2022-nji ýylyň II ýarymýyllygy boýunça ÝB-niň Türkmenistandaky meýilnamasy
Ilçi Diego Ruiz Alonso metbugat ýygnagynyň dowamynda 2022-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy boýunça ÝB-niň Tükmenistandaky meýilnamasy bilen tanyşdyrdy. Bu meýilnama laýyklykda şu aşakdakylaryň geçirilmegi meýilleşdiriýär:
- iýun: gysga film festiwalynyň yglan edilmegi;
- iýul: galyndylary dolandyrmak baradaky maglumat kampaniýasynyň başlanmagy;
- awgust: ýerli habarçylar üçin galp maglumatlaryň öňüni almak boýunça türgenleşik okuwy;
- sentýabr: tebigaty gorap saklamak boýunça arassaçylyk çäreleri;
- oktýabr: Bilelikdäki komitet, Adam hukuklary gepleşikleri, energiýa konferensiýasy, bilim konferensiýasy, ÝB-niň medeniýet hepdeligi;
- noýabr: köpçüligiň gatnaşmagynda daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy arassaçylyk çäreleri;
- dekabr: “Näme? Nirede? Haçan?” atly akyl bäsleşigi, Adam hukuklary we demokratiýa güni, raýat jemgyýeti üçin çäre.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy boýunça ÝB-niň ýardam bermäge taýýardygy bellenildi.