“Aşgabat gazna biržasynda” 40 million manada golaý paýnamalar satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Aşgabat gazna biržasynda” 40 million manada golaý paýnamalar satyldy
Häzirki wagtda biržanyň dolanyşygynda “Rysgal bankyň” 5,5 müň paýnamalary bardyr.

“Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň üsti bilen maýa goýujylar 2022-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 39 million 830 müň manatlyk paýnamalary satyn aldylar. 

Biržanyň mälim eden maglumatlaryna görä, bu mukdar 2021-nji ýylda satylan paýnamalaryň umumy bahasyndan 3,7 esse ýokarydyr. Geçen ýyl biržanyň üsti bilen umumy bahasy 8,4 million manatdan gowrak bolan paýnamalar satyldy.

Bellenilişi ýaly, “Aşgabat gazna biržasynyň” üsti bilen 2019-njy ýyldan bäri umumy bahasy 50 million manatdan gowrak bolan 1,2 milliona golaý paýnamalar satyldy.

Häzirki wagtda biržanyň dolanyşygynda “Halkbankyň” 8 müňden gowrak, “Rysgal bankyň” 5,5 müň we “Senagat bankyň” 1 milliondan gowrak paýnamalary bardyr.

Öz işine başlanyndan bäri “Aşgabat gazna biržasy” 33 sany birža söwdalaryny geçirip, 61 sany geleşigi hasaba aldy.

“Aşgabat gazna biržasy” ÝGPJ 2016-njy ýylyň 17-nji awgustynda döredildi. Häzirki wagtda biržanyň esaslandyryjylary hökmünde “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistanyň “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti çykyş edýärler.

2022