Eýranyň ilçisi Ermenistan bilen täze gaz alyş-çalşygy ylalaşygynyň ähtimaldygyny aýtdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň ilçisi Ermenistan bilen täze gaz alyş-çalşygy ylalaşygynyň ähtimaldygyny aýtdy
Eýran bilen Ermenistan 2004-nji ýylda gaz we elektrik alyş-çalşygy boýunça şertnamasyna gol çekdiler.

Eýranyň Ermenistandaky ilçisi Abbas Badahşan Zohuri anna güni habarçylara beren beýanatynda ýakyn wagtda Eýran bilen Ermenistanyň gaz alyş-çalşygy görnüşinde täze hyzmatdaşlyga başlamagynyň mümkindigini aýtdy.

“Tehniki hem-de hünär meseleleri bar bolup, olar häzirki wagtda degişli hünärmenler tarapyndan öwrenilýär we ara alnyp maslahatlaşylýar. Bir zat hakda gutarmanka gürlemek ýalňyş bolar. Netijelere garaşalyň, ýöne netijesi nähili bolsa-da, bu iki ýurduň bähbidine bolar” diýip, Abbas Badahşan Zohuri habarçylara aýtdy. Bu barada Ermenistanyň “Armenpress” täzelikler agentligi habar berdi.

Onuň bellemegine görä, Ermenistanda geçirilen 17-nji ermeni-eýran hökümetara duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri energiýa pudagyndaky şertnamalar we gaz alyş-çalşygy bilen baglanyşyklydyr.

Gepleşikleriň dowamynda gazyň we nebithimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi barada ylalaşyk gazanyldy.

Eýran bilen Ermenistan 2004-nji ýylda gaz we elektrik alyş-çalşygy boýunça şertnamasyna gol çekdiler. Bu 20 ýyllyk şertnama laýyklykda, Eýrandan Ermenistana gaz eksport edilýär. Ermenistan hem öz gezeginde Eýrany elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. Ermenistan 2009-njy ýylyň ortalaryndan bäri Eýrandan tebigy gaz import edip gelýär.

Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji Tehranda geçen duşenbe güni Ermenistanyň Territorial dolandyryş we infrastruktura ministri Gnel Sanosýan bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ýurdunyň Türkmenistandan Ermenistana tebigy gaz alyş-çalşygyny başlatmaga taýýardygyny mälim etdi.

2022