TDHÇMB söwdalarynda 250 müň tonna karbamid satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB söwdalarynda 250 müň tonna karbamid satyldy
Söwdalarda karbamidiň bir tonnasyny 357,50 ABŞ dollaryna satmak barada ylalaşyk gazanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni geçirilen söwdalarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçisi 250 müň tonna “B” derejeli karbamid satyn aldy.

Söwdalarda harydyň bir tonnasyny 357,50 ABŞ dollaryna satmak barada ylalaşyk gazanyldy. Geleşigiň umumy bahasy 90 million ABŞ dollaryna golaý boldy. Bu barada TDHÇMB şenbe güni mälim etdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 90 million 922 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Russiýanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň işewürleri daşary ýurt puluna dürli görnüşli tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewür toparlaryň wekilleri bahasy 1 million 551 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022