Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezde gurulmagy göz öňünde tutulýan ýerasty geçelgeleriň baş meýilnamasy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we ilkinji iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenitanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew merkeziň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler, desgalaryň bellenen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler hakynda maglumat berdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezde gurulmagy göz öňünde tutulýan ýerasty geçelgeleriň baş meýilnamasy hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. 

Merkeziň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek we olary bellenen möhletde tamamlamak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Täze merkezde Akhan atly ahalteke bedewiniň heýkelini oturtmak çözgüdi kabul edildi. Gurbanguly Berdimuhamedow bedewiň heýkeliniň oturdyljak köçesiniň Akhan diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we bu baradaky teklibi öňe sürdi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna 2019-njy ýylyň aprel aýynda badalga berildi.

Täze welaýat merkezinde guruljak desgalaryň hatarynda 12 müň 324 maşgala niýetlenen 2, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki ýöriteleşdirilen okuw jaýlary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar, sport desgalary, edara binalary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlara degişli desgalar bardyr. 

2022