“Azyk howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, döwlet azyk ätiýaçlygy ilaty ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleri we iýmit çig maly bilen durnukly üpjün etmek, şeýle hem iýmit önümleriniň we iýmit çig malynyň gytçylygynyň ýüze çykmak töwekgelçiliklerini azaltmak maksady bilen döredilýär.
Döwlet azyk ätiýaçlygy şu aşakdakylar:
- döwlet azyk ätiýaçlygy gaznasynyň;
- döwlet sargydyny ýerbe-ýer etmegiň çäklerinde satyn alnan oba hojalyk, balyk önümleriniň, iýmit çig malynyň we azygyň ätiýaçlyklarynyň;
- oba hojalyk, balyk önümleriniň, iýmit çig malynyň we azygyň dolanyşykdaky ätiýaçlyklarynyň esasynda emele getirilýär.
Döwlet azyk ätiýaçlygy şu aşakdakylar üçin niýetlenilen:
- adatdan daşary ýagdaýlar bolan mahalynda Türkmenistanyň ilatyny azyk bilen, şeýle hem azyk we gaýtadan işleýän senagatyň edaralaryny oba hojalyk çig maly bilen üpjün etmek;
- bölek söwdada we azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatyň edaralarynda oba hojalyk, balyk önümlerine we azyga bolan isleg bilen teklibiň arasynda deňeçersizlikleriň (proporsiýasyzlyklaryň) ýüze çykan halatynda azyk harytlary bazaryna düzgünleşdiriji täsir etmek;
- çig mal serişdeleriniň örän möhüm görnüşlerine bolan isleg bilen teklibiň arasynda deňeçersizlikleriň ýüze çykan halatynda, olar bilen üpjün edilişiniň wagtlaýyn bozulan mahalynda olaryň işini durnuklaşdyrmak maksady bilen iýmit we gaýtadan işleýän senagatyň edaralaryna goldaw bermek;
- ynsanperwerlik kömegini bermek.
Çeşme: “Azyk howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny