Telekeçi Merdan Ataýewiň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşýän tikinçilik kärhanasynda “Dag maraly” haryt nyşanly çaga egin-eşikleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň metbugat gullugy şenbe güni habar berdi.
Kärhananyň Türkiýäniň, Hytaýyň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen ornaşdyrylan önümçilik bölümleri çaga egin-eşikleriniň aýda 20-25 müňüsini öndürmäge niýetlenendir. Bu ýerde çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen egin-eşikleriň dürli görnüşleri, şol sanda başgaplar, köýnejikler, geýim-gejimler bar.
Kiçi ýaşly çagalar üçin ýylyň her paslyna niýetlenen egin-eşikleriň giň toplumy bolup, olar döwrebaplygy, bezeg aýratynlyklary, rahatlygy, göze gelüwliligi bilen özüne çekýär. Egin-eşikler alyjylaryň islegine görä dürli ölçeglerde, buýurmalar esasynda hem tikilýär.
Kärhanada häzirki wagtda işçi-hünärmenleriň 50-ä golaýy zähmet çekýär