Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä Çagalar güni mynasybetli Döwletliler köşgüne bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä Çagalar güni mynasybetli Döwletliler köşgüne bardy
Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgüne bardy we şol ýerde baýramçylyk çäresine gatnaşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz bu ýerde terbiýelenýän çagalaryň dynç alyşlary we boş wagtlaryny geçirişleri barada sorady, okuwda gazanýan üstünlikleri we okuw ýylyny nähili tamamlandyklary bilen gyzyklandy.

Şeýle-de Hormatly Prezidentimiz Döwletliler köşgüniň çagalarynyň nirede dynç almakçy bolýandyklary we uçurymlaryň haýsy hünäri saýlap almak isleýändikleri bilen bagly gürrüňdeş boldy.

Döwlet Baştutanymyz Döwletliler köşgünde terbiýe alýan çagalary Çagalary goramagyň halkara güni hem-de okuwyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwletimiziň çagalaryň gowy dynç almaklary, döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin hemişe alada edýändigini belledi.

Mundan başga-da, baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere sowgatlar gowşuryldy.

1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hem baýramçylyk sowgatlary gowşurylar. Şunuň bilen baglylykda, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 500 müň manat bölünip berler.

2022