Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji Eýranyň Türkmenistan we Azerbaýjan bilen üç ýurduň arasynda tebigy gaz alyş-çalşygynyň mukdaryny iki esse artdyrmak boýunça ylalaşyk gazanandygyny aýtdy.
Bu barada Owji penşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde mälim etdi. Owji Bakuwda ýokary derejeli hökümet işgärleri bilen gepleşikleri geçirdi we energiýa forumyna gatnaşdy. Bu barada Eýranyň “Iranian Press” teleýaýlymy habar berdi.
Şeýle hem, Owji Eýranyň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň geçen ýylyň noýabr aýynda baglaşylan gaz alyş-çalşygy şertnamasynda göz öňünde tutulan gazyň mukdaryny iki esse artdyrmak baradaky ylalaşygyň jemleýji tapgyrdadygyny aýtdy.
Häzirki şertnama laýyklykda, Türkmenistan Eýranyň demirgazyk-gündogar sebitlerine günde 5-6 million kubmetr tebigy gaz ugradýar. Eýran hem öz gezeginde Azerbaýjanyň demirgazyk-günbatar bölegine şol bir mukdarda tebigy gaz iberýär.
Gaz alyş-çalşygy şertnamasynda gazyň göwrüminiň artdyrylmagyna hemme zat taýýar we ýakyn wagtda iki esse köpeler diýip, Owji habarçylara aýtdy.
Eýranyň Nebit ministri tebigy gazyň artdyrylmagynyň soňky aýlarda Tähranda, Bakuwda we Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.
Jawad Owji şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistana gaz alyş-çalşygy günde 40 million kubmetre ýa-da ýylda 10-15 milliard kubmetr çenli artdyryp biljekdigini mälim etdi.
Eýranyň häzirki hökümeti Türkmenistan we Azerbaýjan bilen tebigy gaz alyş-çalşygy hyzmatdaşlygyny energiýa diplomatiýasy pudagynda uly üstünlik diýip häsiýetlendirdi.
Bilermenler bu şertnamanyň Eýrana iki goňşy ýurt bilen ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berendigini aýdýarlar.
Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.