ÝB türkmen we azerbaýjan gazynyň importy boýunça gepleşikleri geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB türkmen we azerbaýjan gazynyň importy boýunça gepleşikleri geçirýär
Günorta gaz geçelgesi Hazar deňzindäki Şah-Deňiz gaz käniniň işlenilmegini öz içine alýar. (Surat: rbk.ru)

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen Türkiýe Azerbaýjandan we Türkmenistandan Günorta gaz geçelgesiniň üsti bilen Ýewropa gaz ugratmak meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkiýäniň “Milliyet” gazeti anna güni habar berdi.

Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky syýasy gepleşikler boýunça duşuşyk sişenbe güni Ankara şäherinde geçirildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar Ýewropanyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin Hazarýaka döwletlerinden gaz üpjünçiligi barada gepleşik geçirdiler.

Şol bir wagtyň özünde, türk tarapy ÝB-ne Günorta gaz geçelgesiniň üsti bilen gazyň ugradylmagynyň zerurdygyny ýatlatdy.

Günorta gaz geçelgesiniň maýa goýum bahasy takmynan 40 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, bu geçelge Hazar deňzindäki Şah-Deňiz gaz käniniň hem-de 3,5 müň kilometr turbageçiriji ulgamynyň işlenilmegini öz içine alýar. Bu başlangyjyň esasynda üç sany turbageçiriji taslama bar: Azerbaýjandan Gruziýa çenli Günorta Kawkaz turbageçirijisi, Türkiýäniň üsti bilen geçýän Transanatoliýa turbageçirijisi (TANAP) hem-de Gresiýa we Albaniýanyň üsti bilen Italiýa çenli uzalýan TAP geçirijisi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022