Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow anna güni Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Welosipedli ýörişe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Welosipedli ýörişe Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşen “Welosiped” binasynyň öňünde badalga berildi. Onuň ugry paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana çenli uzaldy.
“Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar” diýip, Döwlet Baştutanymyz halka ýollan gutlagynda aýtdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň daşary ýurtdaky ilçihanalary bu şanly sene mynasybetli welosipedli ýöriş gurnadylar.