Türkmenistanda söwda we oba hojalygy boýunça wise-premýerler täzelendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda söwda we oba hojalygy boýunça wise-premýerler täzelendi
Serdar Berdimuhamedow Batyr Atdaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisiniň dowamynda täze Ministrler Kabinetiniň orunbasarlaryny belledi.

Mejlisiň dowamynda Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk meseleleri boýunça orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewi wezipesinden boşatdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz E.Orazgeldiýewiň öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmegi başarmaýandygyny aýdyp, oba hojalyk pudagynyň umumy maliýe ýagdaýynyň kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýandygyny belledi. Şeýle-de suw üpjünçiliginiň we ekin ýerleriniň bökdençliklerine nägilelik bildirildi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz Annageldi Ýazmyradowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çary Gylyjow hem işde göýberen kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy.

Serdar Berdimuhamedow Batyr Atdaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşatdy.

Baş prokuroryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmäge Baş prokuroryň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri Begmyrat Begmyradow bellenildi.

Mejlisde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

2022