Türkmenistan bilen Russiýanyň Prezidentleri ýakyn günlerde duşuşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Russiýanyň Prezidentleri ýakyn günlerde duşuşarlar
Kremlin, Moskwa, Russiýa

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn günlerde ilkinji duşuşyklaryny geçirerler. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Kremliň metbugat sekretary Putiniň ýakyn günlerde Moskwada Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşusyklary baradaky soraga “hawa, meýilleşdirilýär” diýip jogap berdi.

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri şu ýylyň 8-nji aprelinde geçiren telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Wladimir Putin Türkmenistanyň Baştutanyny Russiýa resmi sapar bilen gelmegi çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Geçen aý Wladimir Putin “Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşandy üçin” hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Dostluk” ordeni bilen sylaglady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022