Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Russiýanyň ýokary derejeli resmileri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda Russiýa boljak saparyna görülýän taýýarlygyň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususanda, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bu ugurda gepleşikleri Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy, Russiýanyň premýer ministriniň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leri habar berdi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek Altynjy Hazar sammitine görülýän taýýarlyk işlerine seretdiler.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň türkmen böleginiň başlygy wezipesini ýerine ýetirýän R.Meredow we Owerçuk arasynda geçirilen söhbetdeşlikde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselesine garaldy.
Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow ýekşenbe güni Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakyn günlerde Moskwa şäherinde duşuşyk geçirjekdiklerini mälim etdi.