Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda Gazagystanyň telekeçileri 35 müň kilogramdan gowrak dürli görnüşli nah ýüplüklerini satyn aldylar.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanasynda öndürilen birinji sortly nah ýüplükler jemi 87 müň 100 ABŞ dollaryna satyldy. Gazagystandan gelen beýleki bir telekeçi umumy bahasy 29 müň ABŞ dollaryna deň bolan aşgarlanmadyk nah ýüplügini satyn aldy. Bu barada TDHÇMB mälim etdi.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 83 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.