Türkmenistan Akina-Andhoý demirýolunyň Owganystan bölegindäki gurluşygyny gaýtadan dikeltdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Akina-Andhoý demirýolunyň Owganystan bölegindäki gurluşygyny gaýtadan dikeltdi
Uzynlygy 30 km bolan Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygy 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda başlandy.

Türkmenistanyň demirýolçulary we inženerleri Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin duşenbe güni Owganystanyň Balh welaýatynyň Akina şäherine geldiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy sişenbe güni mälim etdi.

Şeýle hem, türkmen hünärmenleri öz ýanlary bilen ähli gerek bolan tehnikalary we enjamlary getirdiler.

Bellenilişi ýaly, bu işler “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Demirýollar guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda alnyp barylýar.

Akina şäherinde Türkmenistanyň demirýolçularyny Owganystanyň Balh welaýatynyň Demirýollar guramasynyň we beýleki pudak edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Uzynlygy 30 km bolan Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygy 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda başlandy. Emma käbir ýagdaýlar we pandemiýa zerarly girizilen çäklendirmeler sebäpli demirýoluň 29,2 kilometri guruldy. Bu demirýol ugrunyň galan 800 metri bir aýyň dowamynda gurlup tabşyrylmagyna garaşylýar.

Bu demirýol Türkmenistanda başlaýan Kerki-Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýolunyň bir bölegidir. Akina şäheri Türkmenistan bilen serhetleşýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022