Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär
Türkemnistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol (Surat: “Trend”)

Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy SOCAR Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär we bu ýurtda öz şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär diýip, SOCAR-yň maýa goýum we marketing boýunça wise-prezidenti Elşad Nasirow 7-nji iýunda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stoluň dowamynda aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi habar berdi.

“Biziň nebit kompaniýamyz nebit we gaz pudagynda işleýän transmilli kompaniýadyr. Aşgabatda kompaniýamyzyň şahamçasyny açyp biljegimize umyt edýärin” diýip, Nasirow belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we özleşdirmek boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara düşünişmek Ähtnamasynyň gol çekilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze derejä çykmagyna mümkinçilik berdi.

Nasirow häzirki wagtda ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň ýokarlanýandygyny aýdyp, Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen harytlarynyň Ýewropa ugradylýandygyny hem belledi.

Mundan başga-da, Hazar deňziniň kanuny status meselesiniň çözülmegi deňiz bilen serhetleşýän ýurtlar üçin ep-esli mümkinçilik döredýär, sebäbi Gazagystan, Türkmenistan, Eýran, Azerbaýjan we Russiýa dünýäde iň uly uglewodorod öndürijileriniň hataryndadyr.

SOCAR-yň wise-prezidenti ozal Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana türkmen gazyny ugratmak baradaky şertnamanyň ähmiýetini belledi.

Doly döwlet eýeçiligindäki milli nebit-gaz kompaniýasy bolan SOCAR 1992-nji ýylda döredilip, onuň edara binasy Azerbaýjanyň Baku şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa Hazar deňziniň Azerbaýjan böleginde gury ýerdäki we deňiz ýataklaryndan nebit we tebigy gaz öndürýär. Şeýle-de ýurduň nebiti we gazy gaýtadan işleýän zawodlaryny hem-de tutuş ýurt boýunça birnäçe nebit-gaz geçirijilerini dolandyrýar.

2022