Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyň çäklerinde birnäçe gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Raşid Merуdow Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumyny ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, gaz, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda özarabähbitli hyzmatdaşlyga uly üns berildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşler Hazar meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Hazarýaka Döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmek bilen bagly meslelere seredildi. Mundan başga-da, Türkmenistanda we Gazagystanda bar bolan döwrebap guryýer hem-de deňiz ulag infrastrukturalarynyň ulanylmagynyň möhümdigine aýratyn üns berildi.