Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde çarşenbe güni “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynda Daşary işler ministrleriniň Üçünji maslahaty tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa-Hytaý ugry boýunça energetiki we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine möhüm orun berdi hem-de Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäklerinden Hytaýa geçirilýän tebigy gazynyň möçberini has hem artdyrmaga taýýardygyny nygtady.
Şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Hytaýdan günbatara Merkezi Aziýanyň üsti bilen multimodal ulag gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň esaslydygyny we oňyn mümkinçiliklerini belledi.
Duşuşygyň barşynda owgan meselesine, täze howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegine we beýleki wajyp meselelere aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, 2022-2025-nji ýyllar üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasy, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasynda özara arabaglanyşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça başlangyç, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasynda sanly maglumat howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça başlangyç kabul edildi.