Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Saparyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasyna baryp, häzirki wagtda ýürek keselleri bölüminde bejergi alýan çagalaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy olaryň ene-atalary bilen söhbetdeşlikde lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesi hem-de bejeriş işleriniň netijeleri barada sorady.
Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna baryp, institutyň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň ýaşlar syýasatyny has-da kämilleşdirmek, okuw-terbiýeçilik işini ösdürmegiň hem-de okatmagyň ýollary, okuw işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, milli bilim ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak barada pikir alşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy institutyň täze binasyny gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow söwda nokatlaryna aýlandy hem-de alyjylar we satyjylar bilen ýurdumyzyň bazarlarynda elýeterli nyrhlardan haryt bolçulygyny üpjün etmek boýunça meseleler barada pikir alyşdy.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap awtoulag köprüsine tarap ugrady. Ol ýerde Lebap welaýatynyň häkimi bilen sebitiň, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçilik meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iri suw geçirijilerini, suw howdanlaryny hem-de kölleri peýdalanmakda iň täze tehnologiýalary ulanmagyň, sarp edilýän suw serişdeleriniň doly hasabyny ýöretmegiň hem-de bu işleri sanly ulgama geçirmegiň möhümdigi bellenildi.