TDHÇMB söwdalarynda ECO-93 awtoulag benzini we suwuklandyrylan gaz satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB söwdalarynda ECO-93 awtoulag benzini we suwuklandyrylan gaz satyldy
Çarşenbe güni geçirilen söwdalarda türkiýeli telekeçi 20 müň tonna ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe we çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini we suwuklandyrylan gaz satyn almak boýunça geleşik baglaşyldy.

Sişenbe güni Owganystanyň telekeçileri umumy bahasy 1,4 million ABŞ dollaryna barabar bolan 3 müň tonna suwuklandyrylan gaz (bir tonnasynyň bahasy 469 ABŞ dollary) satyn aldylar. Önümiň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende 4% ýokarlandy. Türkiýeli we Owganystanly telekeçi umumy bahasy 30,7 million ABŞ dollaryna deň bolan 30 müň tonna ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini (bir tonnasynyň bahasy 1,025 ABŞ dollary) satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB metbugat beýanatynda mälim etdi.

Çarşenbe güni geçirilen söwdalarda türkiýeli telekeçi 20 müň tonna ECO-93 görnüşli awtoulag benzinini (bir tonnasynyň bahasy 989,5 ABŞ dollary) satyn aldy. Geleşikleriň umumy bahasy 19,7 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanda ECO-93 görnüşli ekologik taýdan arssa benzin Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilýär. Bu zawod 2019-njy ýylda gurlup ulanmaga berildi. Kärhananyň ýylda 1 milliard 785 million kub metr “mawy ýangyjy” gaýtadan işläp, EURO-5 standartyna gabat gelýän EСO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny hem-de suwuklandyrylan gazyň 100 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçiligi bar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 83 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022