Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa sapar edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa sapar edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anna güni Russiýa resmi sapary başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Serdar Berdimuhamedowyň resmi saparynyň çäginde Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda söwda hyzmatdaşlygy ugrunda birnäçe resminamalaryň gol çekilmegi meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS agentligi penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary Şahym Abdrahmanow Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak bilen penşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda Döwlet Baştutanymyzyň bu resmi saparyny we şol sanda gol çekilmegi meýilleşirilýän resminamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri şu ýylyň 8-nji aprelinde geçiren telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Wladimir Putin Türkmenistanyň Baştutanyny Russiýa resmi sapar bilen gelmegi çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Geçen aý Wladimir Putin “Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşandy üçin” hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Dostluk” ordeni bilen sylaglady.

2022