Russiýanyň Moskwa şäherinde wise-gubernator, Astrahan oblastynyň hökümetiniň başlygy Oleg Knýazew Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Astrahan oblasty bilen Balkan welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk, şeýle hem Astrahan we Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda doganlaşmak boýunça şertnama gol çekildi.
Duşuşyga Astrahan şäher häkimi Oleg Polumordwinow, Daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow we Astrahan Döwlet uniwersitetiniň rektory Konstantin Markelow hem gatnaşdylar. Bu barada Astrahanyň Daşary gatnaşyklar ministrliginiň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.
“Türkmenistan Astrahan oblastynyň dogany we ygtybarly hyzmatdaşydyr. Söwda, ulag, logistika, senagat, bilim ýaly ugurlarda gatnaşyklarymyzy üstünlikli ösdürýäris. Sebitara derejede gatnaşyklaryň ýola gurulmagy biziň hyzmatdaşlygymyzyň täze tapgyry bolar” diýip, Oleg Knýazew aýtdy.
Wise-gubernator Astrahan oblasty bilen Balkan welaýatynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geriminiň giň bolup biljekdigini aýdyp, ilki bilen onuň deňiz ulagy, gämi gurluşygy we syýahatçylygy ösdürmek boýunça hyzmatdaşlykdygyny belledi.
Türkmenistanyň ilçisi Batyr Nyýazlyýew hem öz gezeginde Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdi.