Putin Prezident Berdimuhamedowyň Türkmenistana sapar etmek çakylygyny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Putin Prezident Berdimuhamedowyň Türkmenistana sapar etmek çakylygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy, 2022-nji ýylyň 10-njy iýuny, Moskwa, Russiýa

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen anna güni Moskwada geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistana sapar etmek çakylygy kabul etdi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň Moskwa bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini nygtady. Bu barada TASS agentligi habar berdi.

“Şu pursatdan peýdalanyp, Sizi islendik amatly pursatda Türkmenistana resmi sapar bilen çagyrmak isleýärin” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şeýle-de Döwlet Baştutanymyz Putine mähirli garşylanandygy we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu çakylyk Russiýanyň Lideri tarapyndan hoşallyk bilen kabul edildi.

Russiýa sapar Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 15-nji martynda Prezident wezipesine başlany bäri ilkinji resmi saparydyr. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Prezidentleri Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.

2022