Türkmenistan halkara gatnawlary dikelder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan halkara gatnawlary dikelder
Döwlet Baştutanymyz Agentligiň ýolbaşçysyna ýakyn wagtda halkara gatnawlary dikeltmek boýunça işleriň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe ýakyn wagtda beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz dünýäde koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň kadalaşýandygyny aýdyp, köp ýurtlarda halkara gatnawlar üçin giňişligiň açylýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Agentligiň ýolbaşçysyna ýakyn wagtda halkara gatnawlary dikeltmek boýunça işleriň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Mejlisiniň dowamynda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna hem-de başga-da birnäçe meselelere garaldy.

2022