Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy
Hormatly Prezidentimiz hemmeleri Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. (Surat: AP)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanylandygy barada habar berdi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Döwlet Baştutanymyzy bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň ştab-kwartirasyndan ýurdumyza hoş habaryň gelip gowşandygyny kanagatlanma bilen belläp, hemmeleri möhüm waka – Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi Türkmenistanyň alyp barýan oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň şaýatnamasy hökmünde kabul edilýär.

Bu bolsa, dünýäniň ähli döwletleriniň we abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasatyna, möhüm ähmiýetli başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirýändigini we olary biragyzdan goldaýandygyny aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Mejlisiň dowamynda R.Meredow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasy atly resminamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilendigini aýtdy.

193 agza döwletli BMG-niň Baş Assambleýasy BMG-niň alty esasy düzüminiň biridir. Benin, Burundi, Kenýa, Mawritaniýa, Nigeriýa, Zimbabwe, Malaýziýa, Nepal, Wýetnam, Täjigistan, Çili, Salwador, Jamamaýka, Estoniýa, Ysraýyl we Awstraliýa hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlandylar.

2022