Türkmenistan bilen Eýran ulag gatnaşyklaryny güýçlendirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Eýran ulag gatnaşyklaryny güýçlendirýär
Soňky birnäçe aýyň dowamynda iki ýurt ulag gatnaşyklaryny berkitmek üçin amaly ädimler ätdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Tähranda Eýranyň Ulag we şähergurluşyk ministri Rostam Gasemi bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda taraplar sebitdäki geçelgelerde ulag we üstaşyr gatnaşyklaryny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Eýranyň “Mehr” agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, soňky birnäçe aýyň dowamynda iki ýurt ulag gatnaşyklaryny berkitmek üçin amaly ädimler ätdi, bu bolsa öz gezeginde serhetara ýük hereketiniň 50% ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Bilelikdäki hereketler netijesinde Sarahs gümrük terminalyndan geçýän demir ýol gatnawy günde 200 demirýol wagonyna çenli ýokarlandy. Eýran Yslam Respublikasynyň Demir ýollarynyň (RAI) ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, terminalyň günde 400 wagon geçirmäge mümkinçiligi bardyr. Şonuň bilen bir hatarda, Inçeburun gümrük terminalyndan günde 50-den 200-e çenli wagon geçip bilýär.

Duşuşygyň dowamynda M.Çakyýew häzirki wagtda Sarahs gümrük terminalynyň üsti bilen gatnawlaryň dikeldendigini we Eýran bilen Türkmenistanyň galan üç gümrük terminalynyň işiniň täzeden ýola goýulmagynyň üstünde işlenilýändigini aýtdy.

Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýrana resmi saparynyň öňüsyrasynda geçirildi.

2022