Türkmenistan Eýran üçin gümrük nyrh ýeňilliklerini döreder

BİZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Eýran üçin gümrük nyrh ýeňilliklerini döreder
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, iki ýurduň arasynda Ulag boýunça hökümetara topary döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi çarşenbe güni Tähranda iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirdiler. Onuň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hyzmatdaşlar bilen nyrh ýeňilliklerini hödürlemek we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek ýaly möhüm meseleler boýunça işe başlamaga taýýardygyny mälim etdi.

Doly kuwwatynda işleýän Hazar ulag ulgamyny döretmek üçin Türkmenistanyň we Eýranyň birnäçe ýöriteleşen wezipeleri amala aşyrmagynyň zerurdygyny belläp, Döwlet Baştutanymyz milli operatorlaryň arasynda hem netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Eýrany Demirgazyk-Günorta demir ýoly boýunça Pars aýlagynyň portlaryna çenli iň gysga ýol hökmünde esasy hyzmatdaşy hasaplaýandygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek maksady bilen, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, iki ýurduň arasynda Ulag boýunça hökümetara topary döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow eýranly kärdeşi Seýed Ebrahim Raisini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

2022