Türkmenistan bilen Bahreýn işewür gatnaşyklaryny ilerledýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Bahreýn işewür gatnaşyklaryny ilerledýär
Diplomatlar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda penşenbe gün Manama şäherinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew, bahreýn tarapyna Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler minsitriniň Halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa ýolbaşçylyk etdiler.

Diplomatlar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda, şol sanda maýa goýumlary çekmek, işewürler maslahatlaryny geçirmek, nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer we ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda iki ýurduň Medeniýet günlerini geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al Zaýani tarapyndan kabul edildi.

2022