TDHÇMBD-da 5 müň tonna türkmen awiakerosini eksporta satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMBD-da 5 müň tonna türkmen awiakerosini eksporta satyldy
TNGIZT-de öndürilen awiakerosiniň bahasy soňky geçirilen söwdalar bilen deňeşdirilende 1,1% pese düşüp, bir tonnasynyň bahasy 1 170,50 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçirilen eksport söwdalarynda TC-1 görnüşli awiakerosiniň bäş müň tonnasy satyldy.

Söwdalaryň dowamynda, ähli awiakerosin Owganystanyň işewürleri tarapyndan satyn alyndy. Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen bu önümiň bahasy soňky geçirilen söwdalar bilen deňeşdirilende 1,1% pese düşüp, bir tonnasynyň bahasy 1 170,50 ABŞ dollaryna barabar boldy. Geleşikleriň umumy bahasy 5,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB penşenbe güni mälim etdi.

Şeýle-de Azerbaýjanly işewür söwdalarda 58 müň ABŞ dollarlyk 17,6 müň kilogram nah ýüplük satyn aldy. Türkiýäniň hem-de BAE-niň telekeçileri 385 müň manatlyk 8,8 müň kilogram nah ýüplük satyn almaga geleşik baglaşdylar.

TDHÇMB-nyň duşenbe güni geçirilen söwdalarynda owganystanly telekeçi TC-1 görnüşli awiakerosiniň üç müň tonnasyny satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 134 million 755 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022