Iýun III hepde: eksport geleşikleri $23 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Iýun III hepde: eksport geleşikleri $23 milliondan geçdi
Daşary ýurtly telekeçiler TNGIZT-de öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 23 million 146 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar.

Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini, ABŞ-nyň işewürleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki uglerody satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplügi satyn aldylar.

Nah ýüplük Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Gazagystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Geleşikleriň umumy bahasy 8 million 885 müň manatdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022