Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaýa 334 mlrd kubmetr tebigy gaz ugratdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaýa 334 mlrd kubmetr tebigy gaz ugratdy
“Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna türkmen resmileri we Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky şahamçasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň 2009-njy ýylda işe girizileninden bäri, Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz iberildi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Lebap welaýatyndaky täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyşyna bagyşlanan maslahatyň dowamynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna türkmen resmileri we Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky şahamçasynyň wekilleri gatnaşdylar.

“Her biriniň uzynlygy 1 müň 830 kilometr bolan üç şahaly Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi ýylda 55 milliard kubmetr tebigy gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Geljekde bu zerur ýangyjyň iberilýän möçberini ýylda 65 milliard kubmetre ýetirmek üçin onuň 4-nji şahasyny gurmak göz öňünde tutulýar” diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Täze beket günde 5,5 million kubmetr tebigy gaz ýygnap, ony gaýtadan işleýär we Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisine iberýär. Desganyň işe girizilmegi täze iş orunlarynyň 200-sini döretmäge mümkinçilik berer.

Dabarynyň dowamynda CNPC korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýun Türkmenistanyň Hytaýy gaz bilen üpjün edýän ygtybarly, esasy döwletdigini belledi.

Şeýle hem, 2007-nji ýylyň iýul aýynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakynda şertnama, “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de CNPC korporasiýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak we satmak boýunça şertnama gol çekilendigi bellenildi.

Geljekde “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde gazyň alnyşynyň mukdaryny artdyryp, energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak maksat edinilýär diýip, CNPC-niň prezidenti belledi.

“Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyrynyň özleşdirilmegi bilen, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak üçin çäreler durmuşa geçirilýär diýip, Hou Siszýun sözüniň üstüni ýetirdi.

Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly 12 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Hytaýa 400 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz daşaldy. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystan hem-de Özbegistandan alynýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022