Ilkinji Gazagystan-Türkiýe ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ilkinji Gazagystan-Türkiýe ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Kükürt bilen ýüklenen 48 konteýnerden ybarat bolan synag otlusy Gazagystanyň Pawlodar stansiýasyndan ugrap, Türkiýäniň Paýas stansiýasyna barar. (Surat: ‘’Iranpress’’)

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugry boýunça ilkinji ýük otlusy anna güni Türkmenistandan geçip, şenbe güni Eýranyň Tähran stansiýasyna bardy. Bu barada “Tehran Times” habar berdi.

“Kazakhstan Temir Zholy” (Gazagystanyň demirýollary) kompaniýasynyň ýük otlusynyň gatnawy boýunça beren metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, täze logistiki çözgüt, esasan, wagt tygşytlylygy sebäpli ýük daşaýjylar üçin özüne çekijidir. Bu otly 6 müň 300 kilometrden gowrak aralygy 12 günüň dowamynda geçer we bu Hazar deňziniň üsti bilen geçýän ulag ugry bilen deňeşdirilende çaltdyr.

Kükürt bilen ýüklenen 48 konteýnerden ybarat bolan synag otlusy Gazagystanyň Pawlodar stansiýasyndan ugrap, Türkiýäniň Paýas stansiýasyna barar.

Pars aýlagyna we Türkiýe bazarlaryna şeýle çalt ýük daşama hyzmatynyň geljekde yzygiderli amala aşyrylmagyna garaşylýar.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesi 2014-nji ýylyň ahyrynda resmi taýdan işe girizildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022