Hazar sammitine taýýarlygyň çäginde Lawrow Aşgabada sapar eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hazar sammitine taýýarlygyň çäginde Lawrow Aşgabada sapar eder
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 28-nji iýunda Aşgabatda geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň DIM-leriniň duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowanyň çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnakda aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi habar berdi.

DIM-leriň duşuşygynda 29-njy iýunda türkmen paýtagtynda geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň 6-njy sammitine taýýarlyk maslahatlaşylar diýip, Zaharowa metbugat ýygnakda belledi.

Metbugat wekiliň belleýşi ýaly, bäş ýurdyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyga we Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň gün tertibine serederler.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 5-nji sammitini 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirildi. Sammitiň netijeleri boýunça Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa gol çekildi.

2022