TDHÇMBD-da uçar kerosini, nahar duzy, lukmançylyk önümleri eksporta satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMBD-da uçar kerosini, nahar duzy, lukmançylyk önümleri eksporta satyldy
Päkistanyň wekili söwdalarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan öndürilen açyk ýaşyl çalgyçly galamlary satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçirilen söwdalarynda umumy bahasy 993,7 müň ABŞ dollaryna we 904,1 müň manada deň bolan bäş sany geleşik baglaşyldy.

Söwdalarda Owganystanyň telekeçisi TS-1 görnüşli 500 tonna uçar kerosini satyn aldy. Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen bu önümiň bahasy soňky geçirilen söwdalar bilen deňeşdirilende 4,7% pese düşüp, bir tonnasynyň bahasy 1 115,75 ABŞ dollaryna barabar boldy. Geleşigiň umumy bahasy 200 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB anna güni mälim etdi.

BAE-niň işewüri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýodlaşdyrylan nahar duzunyň 10 müň tonnasyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 200 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Päkistanyň wekili söwdalarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan öndürilen ýodly we açyk ýaşyl çalgyçly galamlaryň hersinden 48 müň sanysyny satyn aldy. Şertnamanyň umumy bahasy 128,6 müň manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 23,1 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022