Türkmenistanda Medeniýet güni mynasybetli baýarmçylyk dabarasy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Medeniýet güni mynasybetli baýarmçylyk dabarasy geçirildi
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna gönükdirilen dürli görnüşli çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Duşenbe güni Türkmenistanda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda giň möçberli baýramçylyk dabaralary geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu döredijilik agşamyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi gatnaşdylar.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna gönükdirilen dürli görnüşli çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyk bilen gutlady.

2022