Putin Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň Prezidentleri bilen duşuşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Putin Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň Prezidentleri bilen duşuşar
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin (Surat: “Kremlin”)

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 29-njy iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň duşenbe güni metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, “Ria” agentligi habar berdi.

Metbugat ýygnagynyň dowamynda Uşakow 29-njy iýunda Hazar sammitiniň geçiriljek güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 65 ýaş ýubileýiniň bellenjekdigini hem aýtdy.

Uşakow Putiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen ýörite duşuşyk geçirjekdigini we ony şahsy gutlajakdygyny sözüniň üstüne goşdy. Şeýle-de Uşakow Russiýa tarapynyň eýýäm Türkmenistandaky kärdeşlerine gutlag telegrammasy iberendigini we olaryň kabul edendiklerini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiriljek duşuşykdan soňra Putin 6-njy Hazar sammitine gatnaşar diýip, Uşakow aýtdy. Sammitiň çäklerinde Russiýanyň Prezidentiniň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirjekdigi bellenildi.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 5-nji sammiti 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirildi. Sammitiň netijeleri boýunça Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa gol çekildi.

2022