Kerki etrabynda suw dolandyryş merkezi dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kerki etrabynda suw dolandyryş merkezi dörediler
Suwuň ýagdaýyna görä, merkeziň göçme mejlisleriniň geçirilmeginiň talabalaýyk boljakdygy bellenildi.

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda hemişelik esasda suw dolandyryş merkeziniň döredilmegi meýilleşdirilýär.

Merkeziň döredilmegi ugrundaky tabşyryklar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradowa berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ekinleri suw bilen üpjün etmek, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini ýokary hilli geçirmek, tohumlyk serişdeleriň hil derejesine möhüm ähmiýet bermek, şol bir wagtyň özünde suwy rejeli peýdalanmak meselelerine häzirki zaman ylmy we milli daýhançylyk däpleri esasynda çemeleşilmelidigini belledi.

Täze merkeziň döredilmegine ünsi çekip, Döwlet Baştutanymyz suwuň ýagdaýyna görä, merkeziň göçme mejlisleriniň geçirilmeginiň talabalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, obasenagat toplumynyň işini talabalaýyk ösdürmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suwaryş akabalaryny, howdanlary talabalaýyk saklamak bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şu ýylyň 11-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň suw üpjünçiligi boýunça Hökümet toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi.

Täze topar suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak, suw gorlaryny artdyrmak, Amyderýa we Garagum derýalary boýunça seljermeleri geçirmek, suw akymlaryny gowulandyrmak, suw süýjediji desgalary gurmagyň hasabyna ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselelerine sereder.

2022