Hazarýaka ýurtlarynyň baş diplomatlary Aşgabatda geçiriljek sammitiň resminamalaryna garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hazarýaka ýurtlarynyň baş diplomatlary Aşgabatda geçiriljek sammitiň resminamalaryna garadylar
Hazarýaka ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň ýygnagy, 28-nji iýun, 2022, Aşgabat (Surat: Russiýanyň DIM-i)

Hazarýaka ýurtlarynyň - Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň DIM-leriniň ýolbaşçylary sişenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda 29-njy iýunda geçiriljek 6-njy Hazar sammitiniň resminamalaryna garadylar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow duşuşykdan soňra beren metbugat ýygnagynda aýtdy.

“Şu günki işimiziň dowamynda Döwlet Baştutanlaryň tassyklamagy üçin iberilýän jemleýji resminamanyň taslamasy barada hünärmenler tarapyndan hasabat aldyk. Hünarmenler bu taslamanyň üstünde birnäçe wagt işlediler” diýip, Lawrowyň aýdanlaryna salgylanyp, Russiýanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri taraplaryň ylalaşan esasy meseleleriniň ilkinji nobatda özygtyýarlylygy, deňligi, içerki işlere goşulmazlygy we Hazar hyzmatdaşlygyna esaslanýan BMG-niň Tertipnamasynyň ähli ýörelgelerini tassyklamakdygyny" aýtdy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlarynyň arasyndaky duşuşyk

Hazarýaka ýurtlarynyň DIM-leriniň ýygnagynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary derejeli diplomaty Raşid Meredow hem-de Sergeý Lawrow ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.

Russiýanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini, hususan-da, medeni hem-de ynsanperwer ugurlarda we bilim pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýollarynyna garadylar. Şeýle-de Hazar sebitinde, Merkezi Aziýada we goňşy ýurtlarda howpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Rus tarapy Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna, şeýle hem Aşgabadyň beýleki başlangyçlaryna, hususan-da sebitdäki biologiki howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrundaky işlerine ýokary baha berdi.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 5-nji sammiti 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirildi. Sammitiň netijeleri boýunça Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022