Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňzini logistika merkezine öwürmäge çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňzini logistika merkezine öwürmäge çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň dowamynda çykyş edýär (Surat: “RIA Nowosti”)

Hazar deňzi mümkinçilikleriň deňzidir, şunuň bilen baglylykda, ol infrastrukturanyň dogry ösmegi bilen ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezine öwrülip biler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň dowamynda mälim etdi.

Ýokary derejede geçirilen sammite Hazar “bäşliginiň” döwlet Baştutanlary ‒ Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda Döwlet Baştutanymyz Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňziniň «Mümkinçilikleriň deňzi» diýlip atlandyrylmagynyň hakykatdan daş däldigini belledi.

“Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynam bildirýärin. Şoňa görä-de, kenarýaka ýurtlara port düzümini gurmak we döwrebaplaşdyrmak, Hazar sebitini harytlaryň hem-de hyzmatlaryň halkara akymlary üçin oňaýly, döwrebap, amatly giňişlige öwürmek üçin durnukly, ygtybarly we netijeli logistika ulgamyny kemala getirmek babatda uly işler garaşýar” diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ykdysady hyzmatdaşlykdygyny aýtdy.

“Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ulgam köptaraplydyr we ulag, logistika, kommunikasiýalar, energetika, önümçilik taýdan ýakynlaşmak ýaly ulgamlary hem-de beýleki köp ugurlary öz içine alýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryna bäştaraplaýyn gün tertibiniň ähli meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary babatda maslahatlary yzygiderli geçirmegi hem teklip etdi.

Hazarýaka ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň Baştutanlarynyň VI sammitiniň netijeleri boýunça sammitiň Beýanaty kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022