Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana boljak saparyna taýýarlygynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Gepleşikleriň barşynda Özbegistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy 65 ýaş ýubileýi bilen gutlady we oňa tüýs ýürekden jan saglyk, abadançylyk hem-de doganlyk Türkmenistanyň halkyna üstünlik we parahatçylyk arzuw etdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zaman Türkmenistanyň kemala gelmegine we halkara meýdanda döwletiň abraýyny ýokarlandyrmaga, türkmen-özbek dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşandyny aýratyn belläp geçdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda we senagat, ulag we logistika, energetika, oba hojalygy ýaly bilelikdäki taslamalaryň ösdürilmegine, sebitara gatnaşyklaryň, medeni-ynsanperwer alyş-çalyşlarynyň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdiler.
Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar aýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän döwri Özbegistana sapar edipdi.