TDHÇMB-da reňklenmedik nah ýüplük, polietilen we elde dokalan haly satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da reňklenmedik nah ýüplük, polietilen we elde dokalan haly satyldy
Telekeçiler 149,7 müň manatlyk elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe we çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda reňklenmedik nah ýüplük, polietilen we elde dokalan haly satyldy.

TDHÇMB-nyň duşenbe güni geçirilen söwdalarynda umumy bahasy 192 müň ABŞ dollaryna we 3,6 million manada deň bolan 2 sany geleşik baglaşyldy.

BAE-niň telekeçisi 192 müň ABŞ dollarlyk 80 müň kilogram reňklenmedik nah ýüplük satyn aldy. Bu ýurda wekilçilik edýän beýleki bir alyjy 3,6 million manatlyk 120 müň tonna reňklenmedik nah ýüplük satyn almaga geleşik baglaşdy. Bu baradaky maglumatlary TDHÇMB sişenbe güni mälim etdi.

Mundan başga-da, TDHÇMB-nyň çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda umumy bahasy 47,6 million manada deň bolan 30 sany geleşik baglaşyldy. Günüň dowamynda şertnamalaryň ählisi içerki bazarda ýerli telekeçiler tarapyndan baglaşyldy.

Türkmen işewürleri ýokary dykyzlykly Т60-475-119 görnüşli polietileniň jemi 2,5 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu önüm boýunça geleşikleriň umumy bahasy 47,5 million manada barabar boldy.

Telekeçiler “ýeňil senagat” bölümi boýunça umumy bahasy 149,7 müň manatlyk elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 24 million 442 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

2022