Fuat Oktaý: Türkiýe Türkmenistan we Azerbaýjan bilen sammit geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fuat Oktaý: Türkiýe Türkmenistan we Azerbaýjan bilen sammit geçirer
Oktaý tiz netijelere ýetmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň güýçli goldaw berýändigini belledi. (Surat: AA)

Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý şenbe güni Türkiýäniň “TRT Haber” täzelikler teleýaýlymy bilen Türkmenistana bolan sapary boýunça geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda üçtaraplaýyn Türkiýe-Türkmenistan-Azerbaýjan sammitiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

Oktaý Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkiýä sapar bilen çagyrandygyny aýdyp, sapardan soň Türkiýe-Türkmenistan-Azerbaýjan üçtaraplaýyn sammitiniň geçiriljekdigini aýtdy.

Türkiýäniň wise-prezidenti “Dostluk” türkmen-azerbaýjan uglewodorod ýatagynda bir guýynyň bilelikde işlenip bilinjekdigini aýtdy. Şeýle-de Oktaý bu özara peýdaly taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ýaşaýjylary üçin bähbitli boljakdygyny belledi.

Türkmen tebigy gazynyň Türkiýä iberilmegi

Söhebtdeşligiň dowamynda Oktaý türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermek üçin üç ugruň işlenip düzülýändigini we bu ugurdaky taýýarlyk işleriniň tamamlaýjy tagyrdadygyny belledi.

Üstünde işlenilýän ugurlara ünsi çekip, Oktaý türkmen gazyny Hazar deňziniň üstinden geçirip, TANAP turbageçirijisine akdyrmak arkaly, SWAP şertnamasy ýa-da gämileri we turbageçirijileri ulanmak bilen Türkiýä iberip boljakdygyny aýtdy.

Oktaý tiz netijelere ýetmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň güýçli goldaw berýändigini belledi.

Türkiýäniň wise-prezidentiniň Aşgabada saparynyň çäklerinde anna güni Aşgabatda türkmen-türk Hökümetara ykdysady komissiýasynyň altynjy duşuşygy geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022