Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VII Sammitine gatnaşmak üçin sapar bilen Azerbaýjana bardy. Bu barada Azerbaýjanyň "AZERTAC" habarlar agentligi habar berýär.
Baku şäherindäki Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Sammitiň gün tertibine Aziýada ynamy berkitmek, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle hem Geňeşiň işini kämilleşdirmek we agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler girýär. Bu ýylky geňeş Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde geçirilýär.
Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeş Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara forumdyr. Guramanyň resmi saýtynyň maglumatyna görä, oňa 28 döwlet agza bolup, olaryň paýyna Aziýa yklymynyň çäginiň we ilatynyň takmynan 90 göterimi düşýär.

















