"Hazar Ýol" kompaniýasy Astana şäherinde geçirilýän "TransLogistica Kazakhstan" sergisine gatnaşýar

BT
"Hazar Ýol" kompaniýasy Astana şäherinde geçirilýän "TransLogistica Kazakhstan" sergisine gatnaşýar
"TransLogistica Kazakhstan 2026" sergisi, 2026-njy ýylyň 14-nji oktýabry, Astana, Gazagystan (Surat: "TransLogistica Kazakhstan")

Türkmenistanyň "Hazar Ýol" hususy kärhanasy 2026-njy ýylyň 14–16-njy oktýabry aralygynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilýän 29-njy halkara "TransLogistica Kazakhstan 2026" sergisine gatnaşyp, Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyndaky mümkinçiliklerini tanyşdyrýar. Bu barada "TransLogistica Kazakhstan" sergisiniň resmi sahypasynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň iri ulag-logistika sergileriniň biri bolan çärä şu ýyl 20 ýurtdan 230 kompaniýa gatnaşýar. Sergide demir ýol we deňiz ulaglary, ýük daşamak, logistika merkezleri, ammar enjamlary hem-de ulag pudagynda ulanylýan sanly çözgütler bilen bagly hyzmatlar we tehnologiýalar tanyşdyrylýar.

Demir ýol arkaly ýük daşamaga ýöriteleşen "Hazar Ýol" kärhanasy demir ýol sisternalary we ýapyk wagonlary öz içine alýan parka eýedir. Kompaniýa halkara ýük daşamalarynda ygtybarly hyzmatlary we hyzmatdaşlar üçin bäsdeşlige ukyply şertleri hödürleýär.

Serginiň çäklerinde ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara ulag geçelgelerini kämilleşdirmäge we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga bagyşlanan duşuşyklar hem-de maslahatlar geçiriler. Çärä döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň, ulag kärhanalarynyň we pudaklaýyn birleşikleriň wekilleri gatnaşýar.

Serginiň işewürlik maksatnamasynda Merkezi Aziýanyň ulag-logistika merkezi hökmünde ornuny pugtalandyrmak, üpjünçilik zynjyrlaryny ösdürmek we ammar logistikasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

2022