Raşid Meredow BSG-nyň Baş direktorynyň orunbasaryny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Raşid Meredow BSG-nyň Baş direktorynyň orunbasaryny kabul etdi
Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BSG-niň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň duşenbe güni Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançen bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BSG-niň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle hem, pandemiýadan soňky ýagdaýlarda Türkmenistanyň öňünde halkara söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň integrirlenmegi boýunça wezipe goýuldy. Bu maksatlara ýetmek üçin netijeli ýollaryň biri hökmünde BSG bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bellenildi.

R.Meredow hem öz gezeginde Guramanyň Baş direktorynyň orunbasaryna BSG girmek üçin ýurtda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu işler milli kanun çykaryjy binýadyň, daşary syýasy işleriň we kadalaryň kämilleşdirimegini hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň we işewürler toparlaryň arasynda düşündiriş işleriň geçirilmegini öz içine alýar.

Şu ýylyň fewral aýynda BSG-niň Baş geňeşiniň dowamynda Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, türkmen tarapy BSG-niň agzalygyna girmek üçin resmi taýdan talapnamasyny berdi. Netijelere görä, BSG-niň Baş geňeşiniň agza-ýurtlarynyň biragyzdan Türkmenistanyň talapnamasy goldanyldy we oňa “goşulýan ýurt” derejesiniň berilmegi barada çözgüt kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022