“Dragon Oil” Türkmenistan bilen şertnamany 2035-nji ýyla çenli uzaltdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Dragon Oil” Türkmenistan bilen şertnamany 2035-nji ýyla çenli uzaltdy
Şertnama görä, degişli taraplaryň önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygynyň möhleti 2035-nji ýyla çenli uzaldyldy.

Dubaý emirliginiň hökümetiniň doly eýeçiligindäki “Dragon Oil” nebit we gaz gözleg, özleşdiriş we önümçilik kompaniýasy “Türkmennebit” döwlet konserni bilen önümi paýlaşmak boýunça şertnamanyň möhletini goşmaça 10 ýyl uzaltdy. Bu barada “Dragon Oil” duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda mälim etdi.

Bu şertnama görä, degişli taraplaryň önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygynyň möhleti 2035-nji ýyla çenli uzaldyldy. Ozalky önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyk 25 ýyllyk möhlet bilen baglanşylyp, ol 2025-nji ýylyň maý aýynda tamamlanýar.

“Dragon Oil” 1999-njy ýylda Türkmenistanyň hökümeti bilen önümleri bölüşmek baradaky baglaşylan şertnamanyň esasynda “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde iş alyp barýar. Kompaniýa 2000-nji ýylda Türkmenistanda işe başlady.

22 ýylyň dowamynda “Dragon Oil” guýulary burawlamak we Türkmenistanda degişli önümçilik desgalaryny gurmak üçin 8,1 milliard ABŞ dollaryny sarp etdi. Geçen döwürde kompaniýa Türkmenistanda 437 million barrele çenli nebit çykardy.

Şertnamanyň möhletini uzaltmak döwründe “Dragon Oil”-iň maýa goýumlarynyň ýene 7-8 milliard ABŞ dollaryna ýetmegine garaşylýar. 2035-nji ýyla çenli goşmaça 350 million barrel nebit öndüriler we gündelik önümçilik mukdary 60-70 müň barrele barabar bolar.

2022